sexta-feira, 30 de janeiro de 2015

1 Ýahýa (Turkmenistan)


1 Ýahýa 1
Ýaşaýyş sözi
1 Ýaşaýyş sözi hakda ozal-başdan bar bolany, eşidenimizi, gözlerimiz bilen görüp synlanymyzy, ellerimiziň tutanyny size yglan edýäris. 2 Ýaşaýyş aýan boldy, biz ony gördük, oňa güwä geçýäris. Atada bolup, bize aýan bolan ýaşaýşy, ebedi ýaşaýşy size habar berýäris. 3 Siziň-de biziň bilen şärikçiligiňiz bolar ýaly, görenimizi, eşidenimizi size aýdýarys. Biziň şärikçiligimiz bolsa Ata we Onuň Ogly Isa Mesih bilendir. 4 Şatlygyňyz kämil bolar ýaly, şulary size ýazýarys.
Nurda geziň
5 Ondan eşiden we size yglan edýän habarymyz şudur: Hudaý nurdur, Onda hiç hili garaňkylyk ýokdur. 6 Biz Onuň bilen şärikçiligimiziň barlygyny aýdyp-da, garaňkylykda gezýän bolsak, onda ýalan sözleýändiris, hakykaty berjaý edýän däldiris. 7 Onuň nurda bolşy ýaly, biz hem nurda gezýän bolsak, onda biri-birimiz bilen şärikçiligimiz bardyr, Onuň Ogly Isanyň gany bizi hemme günälerden tämizleýändir. 8 Günämiz ýokdur diýsek, onda biz özümizi aldaýandyrys, bizde hakykat ýokdur. 9 Günälerimizi boýun alsak, Ol ynamdar, adyldyr. Günälerimizi öter, bizi her hili ýamanlykdan arassalar. 10 Günä eden däldiris diýsek, Ony ýalançy edýändiris, bizde Onuň sözi ýokdur.
1 Ýahýa 2
1 Eý balalarym! Men size şulary günä etmezligiňiz üçin ýazýaryn. Kimdir biri günä eden bolsa, Atanyň ýanynda Töwellaçymyz, dogry bolan Isa Mesih bardyr. 2 Ol günälerimize, diňe bir biziňkä däl-de, eýsem, bütin dünýäniň günälerine hem bagyşlanma gazandyran gurbandyr. 3 Onuň buýruklaryny berjaý edýän bolsak, bu Ony tanaýandygymyzy bildirýändir. 4 Kim «Ony tanaýaryn» diýip-de, buýruklaryny berjaý etmeýän bolsa, ýalançydyr, onda hakykat ýokdur. 5 Ýöne kim Onuň sözüni berjaý edýän bolsa, dogrudan-da, onda Hudaýyň söýgüsi kämilleşendir. Ondadygymyzy şundan bilýäris. 6 Ol nähili gezen bolsa, Onda galýanyny sözleýäniň özi-de şonuň ýaly gezmäge borçludyr. 7 Eý, söýgüli doganlar, men bir täze buýruk däl-de, ozal-başda alan gadymky buýrugyňyzy ýazýaryn. Gadymky buýruk siziň ozal-başda eşiden sözüňizdir. 8 Size ýene-de bir täze buýruk ýazýaryn. Ol sizde-de, Mesihde-de hakdyr, çünki garaňkylyk ötýändir, hakyky nur bolsa eýýäm ýalkym saçyp durandyr. 9 Kim özüniň nurdadygyny sözläp-de, doganyny ýigrenýän bolsa, ol entek garaňkylykdadyr. 10 Doganyny söýýän her kes nurda galýandyr, onda büdreme sebäbi ýokdur. 11 Ýöne kim doganyny ýigrenýän bolsa, ol garaňkylykdadyr. Garaňkylykda gezip, ol nirä barýanyny bilýän däldir, çünki garaňkylyk onuň gözlerini kör edendir. 12 Eý balalar, size ýazýaryn, çünki günäleriňiz Onuň hatyrasyna bagyşlandy. 13 Eý atalar, size ýazýaryn, çünki siz ezelden bar Bolany tanaýarsyňyz. Eý ýaşlar, size ýazýaryn, çünki siz iblisi ýeňdiňiz. Eý balalar, size ýazdym, çünki siz Atany tanaýarsyňyz. 14 Eý atalar, size ýazdym, çünki siz ezelden bar Bolany tanaýarsyňyz. Eý ýaşlar, size ýazdym, çünki siz güýçlüsiňiz, Hudaýyň sözi sizde galýar, siz iblisi ýeňdiňiz. 15 Dünýäni, dünýädäki zatlary söýmäň. Biri dünýäni söýýän bolsa, onda Atanyň söýgüsi ýokdur. 16 Çünki dünýäde bolan ähli zatlary: ten höwesleri, göz höwesi we ýaşaýyş tekepbirligi Atadan däl, dünýädendir. 17 Dünýä we onuň höwesleri geçip gider, kim Hudaýyň islegini ýerine ýetirse, baky galar.
Mesihe garşy göreşiji
18 Eý balalar, bu soňky sagatdyr, Mesihe garşy göreşiji gelýär diýip eşidişiňiz ýaly, şu wagt hem ençeme Mesihe garşy göreşiji çykypdyr. Biz soňky sagatdygyny şundan bilýäris. 19 Olar bizden çykdylar, ýöne bizden däldiler, çünki bizden bolan bolsalar, biziň aramyzda galardylar. Ýöne olaryň barynyň bizden däldigi aýan bolar ýaly çykdylar. 20 Siz bolsa mukaddes Bolandan Mukaddes Ruhy alansyňyz, hemme zady bilýänsiňiz. 21 Men size hakykaty bilmeýändigiňiz üçin däl-de, eýsem, ony we hiç bir ýalanyň hakykatdan däldigini bilýändigiňiz üçin ýazdym. 22 Isanyň Mesihdigini inkär edýän ýalançy däl bolsa, onda kim ýalançy? Atany, Ogly inkär edýän, ine, Mesihe garşy göreşijidir. 23 Ogly inkär edýän adamda Ata hem ýokdur. Ogly ykrar edýän adamda Ata hem bardyr. 24 Ozal-başdan eşideniňiz sizde galsyn. Ozal-başdan eşideniňiz sizde galsa, siz hem Ogulda, hem Atada galarsyňyz. 25 Onuň bize beren wadasy ebedi ýaşaýyşdyr. 26 Bu zatlary sizi azdyrýanlar barada ýazdym. 27 Ýöne siziň Ondan alan Mukaddes Ruhuňyz sizde galýandyr, size biriniň öwretmeginiň geregi bolman, eýsem, Onuň şol Ruhy ähli zatlar hakda size nähili öwredýän bolsa, ol hem ýalan däl-de, hakykat bolsa, size öwredişi ýaly, Onda galarsyňyz. 28 Indi, eý balalar, Ol aýan bolanda, gaýratly bolar ýaly, gelende, huzurynda utançsyz durar ýaly, Onda galyň. 29 Onuň dogrudygyny bilýän bolsaňyz, dogrulygy berjaý edýän her kişiniň hem Ondan dogandygyny biliň.
1 Ýahýa 3
Hudaýyň balalary
1 Biziň Hudaýyň balalary adyny almagymyz üçin, Ata bize, gör, nähili söýgi beripdir! Şonuň üçin-de dünýä bizi tanamaýar, çünki Ony tanamady. 2 Eý, söýgüli doganlar, biz şindi Hudaýyň balalarydyrys. Biziň näme boljakdygymyz entek aýan bolanok. Ýöne Mesih aýan bolanda, Onuň ýaly boljakdygymyzy bilýäris, çünki Ony bolşy ýaly göreris. 3 Oňa umyt baglan her kes Onuň sap bolşy ýaly, özüni saplar. 4 Günä edýän kişi kanunsyzlyk hem edýändir, çünki günä kanunsyzlykdyr. 5 Siz Onuň biziň günälerimizi Öz üstüne almak üçin aýan bolanyny bilýänsiňiz. Onda günä ýokdur. 6 Onda galýan hiç kim günä etmez. Günä edýän kişi Ony ne görendir, ne-de tanandyr. 7 Eý balalar! Hiç kime özüňizi azdyrtmaň! Kim dogrulygy ýerine ýetirýän bolsa, Onuň dogry bolşy ýaly dogrudyr. 8 Günä edýän iblisdendir, çünki iblis başlangyçdan bäri günä edip gelýär. Muňa görä-de, Hudaýyň Ogly iblisiň işlerini ýok etmek üçin aýan boldy. 9 Hudaýdan dogan adam günä etmez, çünki Hudaýyň tohumy onda galýandyr. Ol günä edip bilmez, çünki ol Hudaýdan doglandyr. 10 Hudaýyň balalary bilen iblisiň balalary şundan bellidir: dogrulygy ýerine ýetirmeýän, doganyny söýmeýän adam Hudaýdan däldir.
Biri-birimizi söýeliň
11 Çünki siziň ozal-başdan eşiden habaryňyz şudur: biri-birimizi söýeliň. 12 Iblisden bolan, öz doganyny öldüren Kabyl ýaly bolmalyň. Ol ony näme üçin öldürdi? Çünki öz işleri erbet, doganynyňky dogrudy. 13 Eý doganlar, dünýä sizi ýigrenýän bolsa, geňirgenmäň. 14 Biz özümiziň ölümden ýaşaýşa geçendigimizi bilýäris, sebäbi, biz doganlary söýýäris. Ýöne doganyny söýmeýän ölümde galýandyr. 15 Doganyny ýigrenýän kişi ganhordyr, siz hiç bir ganhorda ebedi ýaşaýşyň galmaýanyny bilýänsiňiz. 16 Biz söýgini Onuň Öz janyny biziň üçin pida edeninden tanadyk; biz-de doganlar üçin janymyzy pida etmäge borçludyrys. 17 Dünýä malyna baý bolup, doganyny mätäçlikde görende, oňa ýüregiýukalyk etmeýän kişide Hudaýyň söýgüsi nähili galar? 18 Eý balalar, diňe bir söz bilen, dil bilen däl-de, iş hem hakykat bilen söýeliň. 19 Hakykatdandygymyzy şeýle bilip, Onuň garşysynda ýüregimize ynjalyk bereliň. 20 Çünki ýüregimiz bizi ýazgarýan bolsa-da, Hudaý ýüregimizden uludyr, hemme zady bilýändir. 21 Eý, söýgüli doganlar, eger ýüregimiz bizi ýazgarmaýan bolsa, onda Hudaýyň huzurynda gaýratymyz bolar. 22 Näme dilesek, Ondan alarys, çünki Onuň buýruklaryny berjaý edip, Onuň halanyny edýändiris. 23 Onuň buýrugy bolsa Ogly Isa Mesihiň adyna iman etmegimiz, Onuň bize buýruşy ýaly, biri-birimizi söýmegimizdir. 24 Hudaýyň buýruklaryny berjaý edýän Hudaýda, Hudaý hem onda galýandyr. Onuň bizde galýanyny şundan, ýagny Onuň bize beren Ruhundan bilýäris.
1 Ýahýa 4
Ruhlary synaň
1 Eý, söýgüli doganlar, her bir ruha ynanmaň. Ruhlaryň Hudaýdandygyny bilmek üçin olary synap görüň, çünki dünýä köp ýalan pygamberler çykdy. 2 Hudaýyň Ruhuny şundan tanarsyňyz: Isa Mesihiň ten bilen gelenini ykrar edýän her bir ruh Hudaýdandyr. 3 Isa Mesihiň ten bilen gelenini ykrar etmedik her bir ruh Hudaýdan däldir. Bu Mesihe garşy göreşijiniň ruhudyr. Siz onuň gelýänini eşitdiňiz, ol şu wagt hem eýýäm dünýädedir. 4 Eý balalar, siz Hudaýdansyňyz, ýalan pygamberleri ýeňensiňiz, çünki sizde Bolýan dünýäde bolýandan uludyr. 5 Olar dünýädendir; şu sebäpden hem olar dünýäniň nukdaýnazaryndan gürleýär, dünýä olary diňleýär. 6 Biz Hudaýdandyrys; kim Hudaýy tanaýan bolsa, bizi diňlär; kim Hudaýdan däl bolsa, bizi diňlemez. Biz hakykat ruhy bilen aldaw ruhuny şundan tanaýandyrys.
Hudaý söýgüdir
7 Eý, söýgüli doganlar, biri-birimizi söýeliň, çünki söýgi Hudaýdandyr, her kim söýýän bolsa, Hudaýdan dogandyr, Hudaýy tanaýandyr. 8 Kim söýmeýän bolsa, Hudaýy tanan däldir, çünki Hudaý söýgüdir. 9 Bize Hudaýyň söýgüsi şeýle aýan boldy: biziň Ol arkaly ýaşamagymyz üçin, Hudaý Özüniň ýalňyz Ogluny dünýä iberdi. 10 Biz Hudaýy däl, eýsem, Ol bizi söýüp, Öz Ogluny günälerimize bagyşlanma gazandyrýan gurban edip iberdi. Ine, söýgi şudur. 11 Eý, söýgüli doganlar, Hudaý bizi şeýle söýen bolsa, onda biz-de biri-birimizi söýmäge borçludyrys. 12 Hudaýy hiç kim hiç haçan gören däldir. Biz biri-birimizi söýýän bolsak, onda Hudaý bizde galýandyr, Onuň söýgüsi bizde kämilleşendir. 13 Biziň Onda, Onuň hem bizde galýanyny Onuň Öz Ruhundan bize bereninden bilýäris. 14 Biz synladyk, Atanyň Öz Ogluny dünýäniň Halasgäri edip iberenine güwä geçýäris. 15 Kim Isanyň Hudaýyň Ogludygyny ykrar edýän bolsa, Hudaý onda, ol hem Hudaýda galýandyr. 16 Biz Hudaýyň özümize bolan söýgüsine düşündik, oňa ynandyk. Hudaý söýgüdir, kim söýgüde galýan bolsa, ol Hudaýda, Hudaý hem onda galýandyr. 17 Höküm gününde gaýratymyz bolar ýaly, söýgi bizde şeýle kämilleşendir, çünki Ol nähili bolsa, biz hem bu dünýäde şeýlediris. 18 Söýgüde gorky ýokdur. Kämilleşen söýgi gorkyny kowup çykarýandyr, çünki gorkuda sütem bardyr. Kim gorkýan bolsa, ol söýgüde kämilleşen däldir. 19 Biz Ony söýýäris, çünki öňinçä Ol bizi söýdi. 20 Kim: «Hudaýy söýýärin» diýip-de, öz doganyny ýigrenýän bolsa, onda ol ýalançydyr. Çünki özüniň görüp duran doganyny söýmeýän adam görmedik Hudaýyny söýüp bilmez. 21 Bizde Onuň: «Hudaýy söýýän öz doganyny-da söýmelidir» diýen buýrugy bardyr.
1 Ýahýa 5
Hudaýyň Ogluna iman
1 Isanyň Mesihdigine iman edýän kişi Hudaýdan doglandyr. Atany söýýän kişi Ondan dogany-da söýýändir. 2 Hudaýyň balalaryny söýýändigimizi Hudaýy söýüp, Onuň buýruklaryny berjaý edişimizden bilýäris. 3 Çünki Hudaýyň söýgüsi Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir, Onuň buýruklary bolsa agyr däldir. 4 Çünki Hudaýdan dogan kişi dünýäni ýeňýändir, dünýäden üstün çykan ýeňiş biziň imanymyzdyr. 5 Isanyň Hudaýyň Ogludygyna ynanýan, dünýäni ýeňýän dälmi näme?! 6 Suw, gan arkaly gelen Isa Mesihdir. Ol diňe bir suw arkaly däl-de, suw hem gan arkaly gelendir. Şeýle, Gökde güwälik berýän üçdür: Ata, Söz we Mukaddes Ruh. Bularyň üçüsi hem birdir. 7 Güwälik berýän-de Ruhdur, çünki Ruh hakykatdyr. 8 Şeýle güwälik berýän üçdür: Ruh, suw we gan. Bularyň üçüsiniň hem güwäligi bir çykýar. 9 Biz adamlaryň güwäligini kabul edýän bolsak, Hudaýyň güwäligi ondan uludyr, çünki bu Hudaýyň Öz Ogly hakynda beren güwäligidir. 10 Hudaýyň Ogluna iman edýände Hudaýyň güwäligi bardyr. Hudaýa iman etmeýän bolsa, Ony ýalançy edendir, çünki Hudaýyň Öz Ogly hakda beren güwäligine iman eden däldir. 11 Bu güwälik bolsa şudur: Hudaý bize ebedi ýaşaýyş berdi, bu ýaşaýyş Onuň Oglundadyr. 12 Kimde Ogul bar bolsa, onda ýaşaýyş hem bardyr, kimde Hudaýyň Ogly ýok bolsa, onda ýaşaýyş hem ýokdur.
Ebedi ýaşaýyş
13 Men muny size ― Hudaýyň Oglunyň adyna iman edenlere ýazdym. Şeýle, siz Hudaýyň oglunyň adyna iman edenler ebedi ýaşaýşyňyzyň barlygyny biliň. 14 Biziň Onuň huzuryndaky gaýratymyz bolsa şudur: Onuň islegine görä bir zat dilesek, Ol dilegimizi eşider. 15 Onuň her dilegimizi eşidýändigini bilýän bolsak, onda Özünden dilän dilegimizi aljakdygymyzy-da bilýändiris. 16 Biri doganynyň ölüme eltmeýän günä edýänini görse, doga etmelidir, Hudaý oňa ýaşaýyş berer. Muny ölüme eltmeýän günä edýänler hakda aýdýaryn. Ölüme eltýän bir günä bardyr; men munuň üçin doga etsin diýmeýärin. 17 Her bir ýamanlyk günädir, ýöne ölüme eltmeýän günä-de bardyr. 18 Biz Hudaýdan dogan her bir kişiniň günä etmeýänini bilýäris. Hudaýdan dogan özüni saklaýandyr, iblis oňa el gatmaz. 19 Biz özümiziň Hudaýdandygymyzy, bütin dünýäniň bolsa iblisiň goly astyndadygyny bilýäris. 20 Biz hak Hudaýy tanar ýaly, Hudaýyň Oglunyň gelip, bize pähim berenini bilýäris. Biz hak Bolanda, ýagny Onuň Ogly Isa Mesihdediris. Ol hak Hudaýdyr, ebedi ýaşaýyşdyr. 21 Eý balalar, özüňizi butlardan goraň! Omyn.

 http://gospelgo.com/a/turkmen_bible.htm#1%20John

Nenhum comentário:

Postar um comentário